- töwekgellik
- Näme bolsa şol bolsun diýip hereket etmeklik, soňuna garamazlyk.∙ Her bir wraç şeýle operasiýa töwekgellik edip, girişip bilmez. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)∙ Eýsem-de bolsa, halk bähbidini nazarda tutup, men töwekgellige salýan. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem töwekgellik - töwekgelligi.◊ bagta töwekgellik etmek — seret bagt
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.